“Forbes” žurnaly dünýäniň iň gymmat futbol klublarynyň sanawyny hödürledi. Toparlara infrastrukturasy, düzümi we sport bazaryndaky täjirçilik ýagdaýy boýunça baha berildi. Bu barada championat.com habar berýär. Şeýlelikde, birinji orny hünärmenler tarapyndan bahasy 5 mlrd 490 mln ýewro diýlip hasaplanan Madridiň “Realy” eýeledi. Ikinji orna “Mançester Ýunaýted” mynasyp boldy. Klubdaky hakyky çökgünlige garamazdan, onuň bahasy henizem ýokary bolup, 5 mlrd 427 mln ýewro barabardyr. Liderleriň üçlügini 4 mlrd 984 mln ýewro bilen “Barselona” jemleýär. Belläp geçsek, reýtingiň ilkinji onlugyndaky toparlaryň aglabasy APL-iň toparlary bolup, A seriýadan ýekeje-de topar ýokdur. “Forbes” boýunça dünýäniň iň gymmat klublarynyň ilkinji onlugy: “Real” – 5,5 mlrd ýewro; “Mançester Ýunaýted” – 5,4 mlrd ýewro; “Barselona” – 4,9 mlrd ýewro; “Liwerpul” – 4,7 mlrd ýewro; “Mançester Siti” – 4,5 mlrd ýewro; “Bawariýa” – 4,3 mlrd ýewro; “PSŽ” – 3,8 mlrd ýewro; “Çelsi” – 2,8 mlrd ýewro; “Tottenhem” – 2,5 mlrd ýewro; “Arsenal” – 2,4 mlrd ýewro.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir