Google 25 ýyldan gowrak wagt bäri onlaýn-gözleg ulgamlarynyň arasynda öňdebaryjy bolup gelýär. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda kompaniýanyň çynlakaý bäsdeşi bar - emeli aňly Perplexity gözleg ulgamy, çeşmelere baglanmakdan başga-da, jikme-jik tekst jogaplaryny berýär diýip, The Wall Street Journal-a salgylanýan Ferra habar berýär. “Gözleg ulgam-forumy” San-Fransiskoda ýerleşýän we düzümi bary-ýogy 40 adamdan ybarat amerikan Perplexity başlangyjy tarapyndan döredildi. Kompaniýanyň baş müdiri Arawind Şriniwas WSJ-a beren habarynda: "Kimdir biriniň soragyna gönüden-göni jogap berip bilseňiz, şol 10 gök baglanyşyk hiç kime gerek däl" - diýdi. 520 million dollarlyk başlangyç Amazon-yň eýesi Jeff Bezosyň ünsüni özüne çekdi. Perplexity gözleg ulgamy ChatGPT we Copilot tehnologiýalarynda işleýär hem-de ulanyjylar çat-bot ýaly ulgam bilen iş salyşýarlar.