Amerikanyň Tesla kompaniýasynyň önümleriniň resmi taýdan hödürlenýän dürli ýurtlarynda kadalaşdyryjy edaralar, adybir elektrik ulaglarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kompaniýa programma üpjünçiligini täzeletjek bolýarlar. Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan we Hytaýdan soň Günorta Koreýadaky düzgünleşdirijiler hem bortdaky programma üpjünçiligini täzelemek üçin Tesla elektrik ulaglarynyň yzyna çagyrylmagyny talap etdiler diýip, Business Korea web sahypasynda berlen beýanata salgylanýan 3DNews habar berýär. Günorta Koreýadaky yzyna çagyryş kampaniýasy “Awtopilot” funksiýasy bilen enjamlaşdyrylan Tesla elektrik ulaglarynyň hemmesine degişli bolar we, ABŞ-yň hem-de Hytaýyň bazarlaryndaky şuňa meňzeş çäreleriň mysalynda, awtopilot işjeňleşdirilende sürüjä ýagdaýa gözegçilik etmegiň zerurlygy barada has açyk duýduryşlaryň girizilmegini göz öňünde tutýar. Şeýle-de bolsa, çeşmeler bu anyk ýagdaýda import edilýän elektrik ulaglary üçin ýerli bazaryň göwrümine görä yzyna çagyryşyň has kiçi bolandygyny bellediler. ABŞ-da, takmynan, 2 million Tesla elektrik ulagy yzyna çagyrylmaly bolsa, Hytaýda olaryň sany 1,6 million birlikden geçdi, şonda Günorta Koreýada hasaba alnan, programma üpjünçiligi düzedilmeli bu markanyň awtoulaglarynyň sany 63,991 birlikden geçmez. Beýleki öndürijileriň öndürýän käbir ulaglary hem Günorta Koreýada-da şuňa meňzeş yzyna çagyryldy. Yzyna çagyryşa jemi 13 dürli modeliň 72 674 awtoulagy degişli boldy. Şonuň üçin Tesla-nyň dört sany modeli yzyna çagyrylan ulaglaryň umumy sanynyň 88% -ini emele getirýär. Programma üpjünçiligini täzelemekden başga-da, 1992 sany Tesla elektrik ulagy ýolagçylary we sürüjini ewakuasiýa etmegi aňsatlaşdyrmak üçin çaknyşykdan soň gapylaryň açylmagyna böwet bolýan näsazlygy düzeder.