Hyundai täze Creta krossowerini 16-njy ýanwarda Hindistanda resmi taýdan satuwa çykarar, ýöne şereket eýýäm awtoulagyň suratlaryny çykardy we deslapky sargytlaryň kabul edilip başlanandygyny mälim etdi diýip, ixbt.com habar berýär. Täze Creta täze Santa Fe-niň ruhunda “piksel” yşyklandyryş tehnologiýasyny alar. Krossower has agraslaşar we wagşyýana bolar. Awtoulagyň içi hem düýpgöter üýtgär: täze Creta diagonaly 12,3 dýuýmlyk iki sany ekranly egri paneli alar. Dogry, bu “kaşaňlyk” diňe ýokary bezeg derejelerinde elýeterli bolar, esasy wersiýalarynda enjamlar has ýönekeý. Hereketlendirijiler üç görnüşde hödürlenýär - hemmesem 1,5 litrlik. Ýokarky wersiýasynda göni sanjymly (1.5 Kappa Turbo GDi) turbo görnüşli benzinli hereketlendiriji bolar. Şeýle hem dizel hereketlendirijisi (1.5 U2 CRDi) bar. Esasy wersiýasynda paýlanan sanjymly (1.5 MPi) atmosfera benzin hereketlendirijisi bolar.