ABŞ-da Duke Health-iň lukmanlar topary tarapyndan ýerine ýetirilen dünýäde ilkinji bölekleýin ýürek transplantasiýasy üstünlikli hasaplandy. Klapanlar we arteriýalar göçürilen dokuma bilen bir wagtda ösýär diýip, Journal of the American Medical Association neşirinde habar berdi we bu operasiýany çagalaryň ýürek operasiýasynda möhüm ädim diýip atlandyrdy. Ferra portalynyň habar bermegine görä, bu täzelik ýüze çykmazdan ozal, ýürek klapan keseli bolan çagalar durmuş üçin howply meseleler bilen ýüzbe-ýüz boldular. Adaty däl jansyz implantlar çaga bilen deň ösüp bilmeýärdi hem-de ýygy-ýygydan we töwekgelçilikli operasiýalary talap edýärdi (olaryň hersinde ölüm derejesi 50 göterimdi). Duke Health-de bölekleýin ýürek transplantasiýasy wagtynda täze klapan ýygnamak usulyny ulandylar, netijede tebigy ösüşe meňzeýän iki işleýän klapan we arteriýa ýüze alyndy. Transplantatyň çaga bilen deň ulalmagy bilen birlikde, doly göçürme bilen deňeşdirilende, adaty immunodepressantlaryň dörtden bir bölegini talap edýär. Bu hassalaryň uzak geljekde zyýanly täsirlere az sezewar boljakdygyny aňladýar. Mundan başga-da, bu usul bir donor ýüregi iki näsaga kömek edýän “domino transplantasiýasy” mümkinçiligini açýar. Doly ýürek göçürmesi geçirilen resipiýentden aýrylan sagdyn klapanlar ömri halas ediji mümkinçilikler zynjyryny döredip, klapan çalşylmagyna garaşýan başga bir çaga berlip bilner.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir