Wenesiýanyň hökümeti ýolbelediň ugratmagynda gelýän syýahatçylyk toparlarynyň sanyny azaltmak baradaky karary tassyklady. Şäheriň taryhy ada böleginde, şeýle hem ýel berip çüýşe ýasaýan ezber ussalary bilen meşhur Murano adalarynda, tornagyşlary bilen tanalýan Buranoda we Wenesiýa esaslandyrylmazyndan ozal ýalpaklykda ilkinji ilatlaşan Torçello adasynda olaryň sany 25 adamdan geçmeli däl. Şäher maglumat portalynda görkezilişi ýaly, bu karar entek Döwlet Geňeşi (parlament) tarapyndan tassyklanmaly we şeýle ýagdaýda 2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda güýje girer. Çäräni teklip edenleriň pikiriçe, bu geljekde syýahatçylyk akymlaryny has gowy guramaga, şeýle hem jemgyýetçilik tertibini üpjün etmäge mümkinçilik döreder. Mundan başga-da, ýolbeletlere sesiniň gatylygy belli bir çäkden geçýän ses gataldyjylary ulanmagy gadagan etmek meýilnamalary bar. Bu Italiýanyň iň köp gelinýän şäherlerinden biri bolan Wenesiýadaky "ýabany syýahatçylygy" agyzzyryklamak üçin ilkinji synanyşyk däl. Şeýlelik bilen, şäher häkimligi gijeligine galman, bir günlük gelýän syýahatçylar üçin şähere “giriş peteginiň” girizilmegini eýýäm tassykladylar. Onuň bahasy ýylyň “ýokary” we “pes” möwsümlerine baglydyr. Bu çäre entek güýje girmedi, sebäbi pandemiýa döwründe syýahatçylyk onsuzam pese gaçdy. Indi Italiýada syýahatçylyk pandemiýadan öňki derejä gaýdyp geldi, bu çäräni ýazda synagdan geçirmäge başlamak meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir