Microsoft kompaniýasy ulanyjylara bir gezek basmak bilen AI kömekçisi bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän, noutbuklar we Windows kompýuterleri üçin klawiaturalara täze Copilot düwmesini birikdirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi diýip, The Verge neşirine salgylanýan 3DNews habar berýär. Kompaniýa soňky üç onýyllygyň içinde klawiaturanyň düzülişine düýpli üýtgeşme girizmedi, bu Microsoft-yň emeli aň tehnologiýasyny birleşdirmekde ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Microsoft-yň wise-prezidenti we sarp edijiler marketinginiň bölüm başlygy Ýusuf Mehdi: "Biz muny Windows bilen syýahatymyzda ýene bir üýtgeşik pursat hökmünde görýäris, bu ýerde Copilot emeli aň dünýäsine girilýän nokat bolar" –diýip gürrüň berdi. Täze Copilot düwmesi klawiaturalaryň köpüsinde sag tarapky Alt-yň gapdalynda ýerleşýän menýu düwmesini çalşar. Bu düwmä basylsa, ChatGPT çat-boty ýaly dürli soraglara jogap berip we Windows-yň içinde käbir hereketleri ýerine ýetirip bilýän Windows 11-de gurlan AI kömekçisi işe giriziler. Eger Copilot ulanyjynyň ýaşýan sebitinde entek ýok bolsa, Copilot düwmesini bassaňyz, Windows gözlegi başlar. Copilot düwmesiniň Windows düwmesine meňzeş usulda beýleki düwmeler bilen bilelikde nähili ulanylyp bilinjekdigi entek belli däl. Microsoft haýsy OEM-öndürijileriň Copilot düwmeli klawiatura öndürip başlajakdygyny entek anyk aýtmady. Geljek hepde Las-Wegasda geçiriljek CES 2024 sergisinde bu barada has jikme-jik gürrüň bererler. Şol bir wagtyň özünde Mehdi Copilot açarynyň ýakyn wagtda “ekoulgam boýunça hyzmatdaşlarymyzyň Windows 11-li täze kompýuterlerde”, şeýle hem Surface enjamlarynda peýda boljakdygyny aýtdy.