2023-nji ýylda FAW Toyota bilelikdäki kärhanasynda öndürilen Toyota awtoulaglarynyň bölek satuwy 800 018 birlik bolup, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 4,1% köpeldi. FAW Toyota kompaniýasynyň wekilleri elektrikleşdirilen modelleriň 284 983 birlikdigini ýa-da, takmynan, 35,6 göterimdigini tassykladylar. Ýokary derejeli modelleriň 398 075 birligi ýa-da 49,8%-i satyldy. Şol bir wagtyň özünde, FAW Toyota awtoulag önümçiligi 2023-nji ýylda 802 666 birlige ýetdi, şolardan gibrid modelleriň önümçiligi 27 göterim, täze energiýa modelleriniň önümçiligi 187 göterim ýokarlandy. Reuters-iň we Ýaponiýanyň Jiji habarlar gullugynyň ozalky habarlaryna görä, Toyota Motor Hytaýyň Týanszin şäherindäki önümçiliginiň bir bölegini bes etjekdigini mälim etdi. Bu ýerde gürrüň Toyota bilen FAW-yň bilelikdäki kärhanasynyň köne önümçilik setirleri barada gidýär. Toyota-da şulary mälim etdiler: “Önümçilik setiriniň togtadylmagynyň sebäbi, modelleriniň könelýändigini we kuzowyň görnüşini üýtgetmek ýaly üýtgeşmeleri göz öňünde tutmak bilen önümçilik ulgamyny optimizirlemekdir”.