24-25-nji aprelde Fransiýanyň Pariž şäherinde Türkmenistanyň energetika ulgamyna halkara maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler. Bu barada OGT-niň Metbugat gullugy habar berýär. Bu halkara forumyň maksady Türkmenistanyň energiýa pudagynyň ähli ulgamlaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we energiýa pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi boýunça sebit dialogyny berkitmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybarat bolup durýar. Forumyň dowamynda nebiti we gazy öndürmek, daşamak we gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmenistanyň energetika ulgamyna halkara maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma diňe bir Türkmenistanda bolman, eýsem tutuş sebitde nebit we gaz pudagynyň geljegini kesgitleýän öňdebaryjy milli we halkara energiýa kompaniýalary, şeýle hem bilermenler gatnaşarlar. Halkara Forumyň maksatnamasy Türkmenistanyň energiýa pudagyna maýa goýumlaryny çekmekden başga-da, energiýanyň geljegi ýaly mowzuklara ýagny, täze döwrüň energiýasy, içerki we sebitleýin ösüşiň geljegi, uglewodorod ýataklaryny özleşdirilmegiň daşky gurşaw taraplary, energetika ugruna geçmekligi gözleg we ösüş arkaly tizleşdirmek ýaly mowzuklara bagyşlanar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir