Hindistanyň Güni öwrenmek üçin niýetlenen kosmos obserwatoriýasy «Aditya-L1» şenbe güni Ýerden 1,5 million km uzaklykda ýerleşýän Lagranž L1 nokadynyň çäklerindäki galo-orbitasyna üstünlikli bardy diýip, interfax.ru Hindistanyň kosmos gözleg guramasyna (ISRO) salgylanyp habar berdi. «Güni öwrenmek üçin uçurylan «Aditya-L1» obserwatoriýasy 2024-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Hindistanyň wagty bilen sagat 16:00-da galo-orbitasyna bardy» diýlip, guramanyň beýanatynda aýdylýar. Berilýän maglumatlara görä, bu galo-orbita enjamy dolandyrmak üçin edilýän hereketleriň sanyny iň pes derejä getirmek we şeýlelik bilen, obserwatoriýanyň 5 ýyl işlemegini üpjün etmek üçin ýangyç sarp edilişini azaltmak maksady bilen saýlandy. «Aditya-L1» obserwatoriýasy ylmy barlaglary geçirmek üçin dürli enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol Günüň fotosferasyny we hromosferasyny, şeýle hem magnit meýdanlaryny we elektromagnit bölejikleri, spektrometrleri hem-de koronagraflary kesgitlemek üçin niýetlenen gurallar arkaly onuň ýokarky gatlagyny – Günüň täjini öwrener. Alymlar Günüň täjindäki iri partlamalaryň we Gün uçgunlarynyň sebäplerine düşünmäge kömek etjek täze maglumatlary almagy, şeýle hem kosmos howasyny we L1 nokadyndaky magnit meýdanyny öwrenmegi maksat edinýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir