X sosial ulgamy (şol wagt Twitter) Ilon Mask tarapyndan 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda satyn alnany bäri onuň bahasy 3,5 esse arzanlady. Şeýle baha Fidelity kompaniýasy tarapyndan berilýär diýip, IXBT.com habar berýär. Blue Chip Growth Fund-yň X-da az paýyna eýe bolan kompaniýanyň habaryna görä, sosial ulgamyň bahasy Mask satyn almazdan öňki döwürdäkisine garanda 71,5% kemeldi. Gaznanyň paýy, 2023-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky ýagdaýa görä, 5,6 million dollar boldy. Şol bir wagtyň özünde deslap paý 19,7 million dollar diýlip çaklanylypdy. Maskyň Twitter üçin tölän 44 milliard dollaryny göz öňünde tutsaňyz, Fidelity -niň bahalandyrmasy X kompaniýasynyň şu gün, takmynan, 12,5 milliard dollardygyny görkezýär. Oktýabr aýynda X-iň bahasynyň, işgärlere berlen paýnama grantlarynyň bahasyndan çen tutsaň, takmynan, 19 milliard dollar töweregi bolandygy habar berildi. Mask Twitter-i hususy eýeçiligine alyp, kompaniýanyň bahasyny we girdejisini yzarlamagy kynlaşdyrdy. Axios-yň belleýşi ýaly, “Hususy işde paýdardygyna garamazdan, Fidelity-ä X-nyň maliýe görkezijileri barada içerki maglumat hökman däl. Beýleki paýdarlar X-iň paýnamalaryna başgaça baha berip bilerler. ” Mask, esasanam, mazmunyň moderasiýasyna çemeleşmesi sebäpli mahabat berijileri saklamakda kynçylyk çekdi. Telekeçi kompaniýanyň eýesi bolanyndan soň, gysga wagtyň içinde işgärleriniň köpüsini işden aýyrdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir