SpaceX kompaniýasy öz Falcon 9 raketasynda 21 sany Starlink emeli hemrasynyň uçurylandygyny resmi taýdan habar berdi. Olaryň goýberilişi 2-nji ýanwarda Kaliforniýadaky Wandenberg kosmos güýçleri bazasyndan amala aşyryldy. Ol alty hemranyň öýjükli tora göni birikdiriliş (DTC) funksiýasynyň ilkinji çykyşy bilen dabaralandy. IXBT.com Ilon Maskyň sözlerine salgylanyp: "Bu smartfonlara dünýäniň islendik ýerinde aragatnaşykda bolmaga mümkinçilik berer. Her şöhle diňe 7 Mbit töweregi goldawy berip biler." SpaceX -iň baş direktory munuň öýjükli örtüksiz ýerler üçin ajaýyp çözgütdigini, ýöne DTC-niň aýratynlygynyň bar bolan ýerüsti ulgamlar bilen bäsleşmek üçin döredilmändigini aýtdy. SpaceX -iň resmi web sahypasyna görä, gönüden-göni birikmek hyzmaty bar bolan smartfonlar bilen enjamlary, programma üpjünçiligini ýa-da ýörite programmalary üýtgetmezden, “tekst, ses we maglumat elýeterliligini” gazanmak üçin ulanylyp bilner. Başgaça aýdylanda, ulanyjylara, Huawei we beýleki kompaniýalaryň häzirki tehnologiýalaryndan tapawutlylykda, hemralara göni birikdirilmek üçin hemra arkaly işleýän täze smartfon satyn almak zerurlygy ýok. Analitikler tehnologiýanyň 2024-nji ýyldan başlap tekst arkaly habarlaşmaga mümkinçilik berjekdigini we 2025-nji ýyldan başlap sesli jaňlara we web sahypalaryna goldaw berjekdigini çaklaýarlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir