Režissýor Kristofer Nolanyň “Oppengeýmer” terjimehal filmi “Iň gowy drama filmi” kategoriýasynda “Altyn globus” baýragyna eýe boldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy “Altyn globusyň” saýtynda ýaýlyma berildi. Bu kategoriýada “Oppengeýmerden” başga-da, Martin Skorsezeniň “Gül Aýynyň ganhorlary”, Bredli Kuperiň “Maestro”, Selin Sonyň “Geçen ömürler”, Jonatan Gleýzeriň “Gyzyklanma zolagy” we Žýustin Trieniň “Ýykylmagyň anatomiýasy” filmi bardy. Kristofer Nolanyň özi altynjy synanyşygynda “Iň gowy režissýor” boldy, baş keşbi ýerine ýetiriji irlandiýaly aktýor Killian Mýorfi bolsa drama dilminde iň gowy erkek keşbi üçin “Altyn globusa” mynasyp boldy. Şeýle-de, “Oppengeýmer” filmi iň gowy original saundtrek (kompozitor Lýudwig Ýoransson) hem-de ikinji plandaky iň gowy erkek keşbi (Robert Dauni Kiçi) üçin sylaglandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir