Amerikaly aktýor Robert Dauni-Kiçi “Oppengeýmer” filminde ikinji plandaky iň gowy erkek keşbi üçin “Altyn globus” baýragyna mynasyp boldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy onuň saýtynda ýaýlyma berildi. Şuňa meňzeş zenanlar kategoriýasynda “Altyn globusy” “Galdyrylanlar” (The Holdovers, 2023) filmindäki keşbi üçin Dawaýn Joý Rendolf aldy. Awstraliýaly aktrisa Elizabet Debiki hem öz gezeginde “Täç” (The Crown, 2016-2023) filminde şagyzy Diananyň keşbi üçin serialyň ikinji plandaky iň gowy aktrisasy hökmünde baýraga mynasyp boldy. Golliwudda akkreditlenen daşary ýurtly žurnalistleriň assosiasiýasy tarapyndan her ýyl berilýän “Altyn globus” baýragy abraýlylygy boýunça ABŞ-da diňe “Oskardan” yza galýar. Baýrak geçen ýylyň jemi boýunça kinematografy we telewideniýäni gurşap alýan ýigrimiden gowrak kategoriýada gowşurylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir