Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew «Ýegemen Gazagystan» neşirine beren interwýusynda 2026-njy ýylda ýurtda geçjek döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna gatnaşmakçy däldigini aýtdy. Tokaýew özüniň Prezidentlige ikinji möhlete saýlanmak üçin Konstitusion özgertmeleri geçirmekçidigi barada myş-myşlary ýalana çykardy. «Mundan beýläk her kim islänini etmek üçin Konstitusiýa üýgetme girizip bilmez» diýip, Gazagystanyň Prezidenti nygtady. Tokaýewiň pikiriçe, Konstitusiýanyň Prezidentiň bir möhlete saýlanmagy bilen bagly maddasy hiç wagt üýtgedilmeli däldir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir