Sişenbe güni, balykçy 12 metrlik gaýykda balyk tutmak maksady bilen ýeke özi ýuwaş ummanyna gidende, gaýykdan gaçyp, 24 sagat töweregi sowuk, rahatsyz suwda geçirdi. Ol kömek signalyny ibermek üçin öz el sagadynyň şöhlelenmesini ulandy. Şeýlelikde balykçy Täze Zelandiýanyň kenarynda halas edildi. Bu barada “Cnn.com” habar berýär. Balykçy marlin balygyny tutjak bolanda, Täze Zelandiýanyň Demirgazyk adasyndan takmynan 55 km uzaklykda ummana gaçdy. Gaýygyna ýetip bilmän, balykçy golaýdaky Oldermen adalaryna tarap ýüzmäge synanyşanda, ol güýçli akym bilen alnyp gidildi. Ýüzmekden ýadaw balykçy bir sowuk gijäni ummanda geçirmeli boldy. Ertesi gün ol sagadynyň aýnasynda günüň şöhlelenmesini ulanyp kömek signalyny ibermäne synanyşanda, şöhlelenmäni üç balykçy görüp ony halas etdiler. Ol gipotermiýa bilen hassahana äkidildi. Balykçy ummanda gijesini geçirende, onun ýanyna akula baryp ysyrganyp gaýdandygy habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir