Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Eýranyň we Türkmenistanyň zenan suratkeşleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Onda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlary özleriniň eserlerini hödürlediler diýip, «Turkmenportalyň» habarçysy habar berdi. Sergide eýranly zenan suratkeşlerden Zeýnab Şahiniň, Amini Minonyň, Roghaýeh Setarnejadyň we beýlekileriň eserleri görkezilişe çykaryldy. Türkmenistanly zenan suratkeşlerden bolsa Gunça Goçmyradowa, Şirinjemal Rejepowa, Aýjemal Çaryýewa, Gülara Babaýewa dagy sergide öz eserleri bilen gatnaşýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir