Alty agram derejesinde dünýäniň ozalky çempiony, filippinli Menni Pakýao amerikaly boksçy Floýd Meýwezer bilen boljak ikinji tutluşygy barada habar berdi. Pakýaonyň aýtmagyna görä, tutluşyk Ýaponiýada geçiriler. Iki boksçysynyň birinji özara tutluşygy mundan dokuz ýyl ozal ― 2015-nji ýylyň maý aýynda bolupdy. Bu tutluşyk boks dünýäsinde iň kän girdeji getiren tutluşyk hökmünde taryha giripdi. Şol gezek eminleriň gelen karary bilen ýeňiş amerikaly boksça berlipdi. Meýwezer professional ringde heniz bir gezek hem ýeňlip görenok. Onuň jemi 50 ýeňşi bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir