Merhum aýdymçy Elwis Presliniň emeli aňyň üsti bilen döredilen gologramma keşbi öz konsert maksatnamasy bilen dünýä aýlanar diýip, «24KZ»ýazýar. Sahnada tomaşaçylar nusgawy aýdymçynyň neýroulgam arkaly döredilen ilkinji çykyşlaryndan lezzet alarlar. Keşbi döretmek üçin onuň fotosuratlarynyň we wideoýazgylarynyň müňlerçesini peýdalandylar. «Elwisiň ewolýusiýasy» diýlip at berlen maksatnamanyň ilkinji görkezilişleri şu ýylyň güýzünde Londonda bolar. Soňra çykyşlar Las-Wegasda, Tokioda we Berlinde guralar. Elwis Presli, ýeri gelende aýtsak, dünýäde «rok-n-rolluň patyşasy» hökmünde meşhurdyr. Ol 600-dan gowrak aýdym döretdi, olaryň köpüsi tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir