Hytaýyň Şençžen şäheriniň köçelerinde jemgyýetçilik pianinolary goýuldy diýip, «24KZ» habar berýär. Saz guralynda islän adam mugt saz çalyp biler. Munuň üçin ukyp-başarnyk däl-de, köpçülik üçin saz çalmak islegiň bolmagy ýeterlik. Ýerli häkimiýetler jemgyýetçilik saz gurallaryny ilatyň medeni isleglerini kanagatlandyrmak üçin goýdular. Sebäbi her ýyl şähere köpsanly daşary ýurtly hakyna tutma işçiler gelýärler. Olar kireýine ýaşaýarlar, emma öýlerinden uzakda özleriniň saz çalmak başarnygyny taplamaga mümkinçilikleri ýok. Indi şäherde pianinoly otaglarda olar öz boş wagtlaryny geçirip bilýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir