Nigeriýaly Çensellor Ahagotu diýen ýaş suratkeş talyp 100 sagatlap arakesmesiz surat çekdi we soňky onýyllykdaky bu ugurda goýlan rekordy täzeledi. Öň şeýle üstünlik 2013-nji ýylda 60 sagatlap surat çeken Roland Palmaýertse degişlidi diýip, «MIR 24» ýazýar. Çensellor ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Atlantadaky Sungatlar we dizaýn kollejinde okaýar. Ýaryşyň şertlerine görä, ol bir wagtda birnäçe surat çekmelidi hem-de suratlar aýdyň, ýagny abstraksiýadan daşda bolmalydy. Onuň şeýle-de her sagatlyk üznüksiz işden soňra bäş minut dynç almaga hukugy bardy, islese, ol «bäş minutlyklary» jemläp hem alyp bilýärdi. Netijede, Çensellor dört günüň dowamynda 106 surat çekdi, olarda meşhur adamlary, azyk harytlaryny, ösümlikleri, haýwanlary we ş.m. şekillendirdi. Onuň iň ahyrky çeken suraty agyr zähmetden mazaly ýadan adamyň keşbi boldy diýlip, rekordy hasaba alan Ginnesiň kitabynyň saýtynda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir