Abu-Dabi şäherinde saparda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurduň BAE bilen ozaldan bäri ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi hem-de bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Maslahatyň dowamynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň üstaşyr ulag kuwwatyndan netijeli peýdalanmak meselelerine garaldy. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurdumyz ulag ulgamynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, howa ýollaryny hem yzygiderli ösdürýär. Aşgabat — Dubaý — Aşgabat ugry boýunça gatnawlar ýola goýuldy. 5-nji ýanwarda bolsa Abu-Dabä ilkinji ýolagçy uçarynyň uçuşy amala aşyrylar. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleri bilen köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtap, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri hemişe gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça ýolagçy gatnawynyň ýola goýulmagy mynasybetli uly arzanlaşyk yglan edendigini habar beripdik. Bellenilişi ýaly, «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň başyndan Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça ýolagçy gatnawynyň ýola goýulmagy mynasybetli, diňe 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň 5-ne ýerine ýetiriljek gatnawa 50% göterime çenli uly arzanladyş yglan edilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Abu-Dabi şäherine hepdäniň anna güni uçuşlary amala aşyrýar. Arzanlaşyk yglan edilmezden ozal Abu-Dabi şäherine uçmak üçin bir tarapyň peteginiň bahasy 3942,3 manada deňdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir