Katarda ýakyn günlerde başlanjak futbol boýunça Aziýanyň kubogynyň baş baýragy ― arzyly kubok görkezildi. Dabaralaryň çäklerinde janköýerlere onuň bilen surata düşmek mümkinçiligi döredildi. Ýaryşyň guramaçylyk toparynyň metbugat gullugy ony: «Ýylgyryşlara sebäp bolýan kubok» diýip atlandyrýar. Yklym ýaryşynyň 12-nji ýanwarda badalga alyp, 10-njy fewralda tamamlanjakdygyny ýatladýarys. Her topardan üç orny eýelän ýygyndylar ýaryşyň 1/8 finalyna gatnaşyp biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir