Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen «Dubai Aviation Corporation» kompaniýasynyň arasynda uçarmanlary taýýarlamak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentligi habar berýär. Ähtnama laýyklykda, taraplar «Flydubai» ygtyýarnama merkezinde uçarmanlar üçin okuw hyzmatlaryny bermek mümkinçiligine garamakçy. Okuw «Boeing 737» kysymly uçarda geçiriler. «Türkmenhowaýollary» agentligi «Boeing 737» kysmly uçarlary üçin uçarmanlary taýýarlamak boýunça degişli tarap bilen uzakmöhletli işleşmek isleýär. «Flydubai» Ýakyn Gündogardaky iň uly awiakompaniýalaryň biridir. Kompaniýanyň ýokary derejeli uçarmanlary ýetişdirmekde hem baý tejribesi bar. Munuň üçin onuň binýady döwrebap okuw merkezleri bilen üpjün edilendir. Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi Türkmenistan bilen BAE-nyň arasynda raýat awiasiýasy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädimdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir