Türkmenistanda 2024-nji ýylyň futzal möwsümi Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk bilen başlar. Bu barada TFF-niň Futzal bölüminiň başlygy Annanur Gulow «Türkmen sporty» gazetiniň habarçysyna beren interwýusynda aýtdy. Naýbaşu kubok ugrundaky duşuşyk Türkmenbaşy şäheriniň «Deňizçi» we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Gara altyn» futzal toparlarynyň arasynda geçiriler. 2023-nji ýylda bu toparlaryň ilkinjisiniň Türkmenistanyň çempiony bolandygyny, ikinjisiniň bolsa ýurduň Kubogyny eýeländigini ýatladýarys.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir