​«China Aviation Industry General Aircraft»kompaniýasy Çžeszýan welaýatynda HHR-de ilkinji gezek AG60E elektrouçarynyň barlag uçaryny amala aşyrdy. Bu barada «Xinhua» agentligine salgylanyp, TASS habar berýär. ​Uçar bir hereketlendirijili AG60 howa ulagynyň modifisirlenen görnüşine eýedir. Onuň uzynlygy 6,9 metr bolup, ganatlarynyň ýaýylyş gerimi 8,6 metre barabardyr. Elektrik uçarynyň iň ýokary tizligi sagatda 185 kilometre ýetýär. ​Işläp düzüjiler AG60E howa ulagynyň ilkinji uçuş synagyndan üstünlikli geçmeginiň Hytaýyň awiasiýa pudagynyň ösüşinde möhüm tapgyrdygyny belleýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir