Braziliýaly ady rowaýata öwrülen futbolçy we tälimçi Mario Zagallo 92 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada TASS onuň jemgyýetçilik torlaryndaky hasabyna salgylanyp habar berýär. Mario Zagallo brazil we dünýä futbolyna adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy. Ol futbolçy we tälimçi hökmünde dört gezek dünýäniň çempiony boldy. Futbol oýnan ýyllarynda 1958-nji we 1962-nji ýyllarda dünýäniň çempiony bolan bolsa, bu ady 1970-nji ýylda tälimçi, 1994-nji ýylda tälimçiniň kömekçisi wezipelerinde hem gazandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir