Ýaponiýada şu ýylyň ilkinji söwda auksionynda äpet tunes balygy 800 müň dollara satyldy. Bu 1999-njy ýyldan bäri bu ugurdaky söwdalaşyklarda dördünji gymmat balykdyr diýip, «MIR 24» ýazýar. Balygyň agramy 238 kilograma deň. Ondan taýýarlanjak suşini indi diňe Ýaponiýada däl, Nýu-Ýorkuň we Şanhaýyň garbanyşhanalarynda-da dadyp bilerler. Täze ýylyň ilkinji şeýle söwdalaşyklary aýratyn ünsi çekýär, sebäbi ony öňde duran arly ýylyň ykdysady ýagdaýyny oňatlyga iterjek yrym hasaplaýarlar. Emma hemişe yrym edeniň bolubam baranok, onda-da ilkinji balyga näçe köp nyrh kesilse, ýagşylyga ýorýarlar diýlip, habarda aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir