«Al-Nassryň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Birleşen Arap Emirliklerinden özüne göçme mülk satyn aldy. Bu mülk Dubaý şäherindäki «Milliarderler adasynda» ýerleşýär. Ozaldan işlenip taýýarlanylan düzgünnama laýyklykda, bu mülk öňümizdäki bir ýylyň dowamynda portugaliýaly hüjümçä degişli bolar. Onuň bahasy mälim edilmedi, ýöne onlarça million ýero bahasynyň bardygyny çaklamak kyn däl. Mülk üç gektar ýerden, alty sany ýatakhanadan, kenara uzaýan ýodadan, ýedi awtoulag üçin niýetlenen duralgadan, howuzdan, hyzmatkärleriň jaýyndan we başga-da birnäçe bölümden ybarat. Häzirki wagtda futbol ýoluny Saud Arabystanynda dowam etdirýän Ronaldu dünýäniň iň köp hak tölenilýän futbolçysydyr.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir