Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2024-nji ýylyň Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Ol ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleriň özboluşly badalgasy boldy. Turkmenportalyň habarçysynyň habaryna görä, çärä gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we deputatlary, ýurduň Hökümet agzalary, ylym we medeniýet ulgamlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň işgärleri, sungat ussatlary, harby gullukçylar, awiasiýa ulgamynyň hünärmenleri, il sylagly ýaşulular bar. Dabaraly maslahat türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" atly goşgusyna döredilen täze aýdymyň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy. Hut şu şahyrana setirler 2024-nji ýylyň şygary hökmünde kabul edildi. Çykyş edenler Türkmenistanyň halkyny bu ajaýyp waka bilen gutladylar. Bellenilişi ýaly, beýik, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ündän ynsanperwerlik ýörelgeleri we ideallary, parahatçylyk, agzybirlik, watansöýüjilik, milli taryhy we medeni gymmatlyklara ygrarlylyk baradaky parasatly pikir-garaýyşlary indi Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Şeýle-de bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde milli medeniýeti ösdürmekde, döredijilikli işlemek üçin iň oňat şertleri döretmekde we ýaş zehinleri höweslendirmekde alnyp barylýan işleriň ähmiýeti nygtaldy. Çykyş edenler “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynyň medeni diplomatiýany mundan beýläk-de ösdürmekde we halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde ähmiýeti barada hem gürrüň etdiler. Şunuň bilen baglylykda, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň eserleriniň golýazmalar ýygyndysynyň ÝUNESKO-nyň "Dünýäniň hakydasy" maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmeginiň, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde belleniljek halkara çäreleriň sanawyna goşulmagynyň, TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň "Türki dünýäniň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragy ýyly" diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Bu maglumatlar beýik söz ussadynyň şahyrana mirasynyň türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan ajaýyp we özboluşly goşandydygyny tassyklaýar. Çärä gatnaşyjylaryň çykyşlary 2024-nji şygaryna bagyşlanan aýdym-sazlar, edebi-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Türkmenistanyň akademiki Baş drama teatrynyň sungat işgärleriniň edebi-sazly kompozisiýasy parahatçylyk, dostluk we ýagşylyk ideýalaryny ündän beýik ynsanperwer şahyr, türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy wekili Magtymguly Pyraga belent hormat-sarpanyň aýdyň beýany boldy. Mukamlar köşgüniň sahnasynda meşhur halk we estrada aýdymçylary Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler. Köşgüň giň eýwanynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, neşir önümleri, audio we wideo materiallar görkezildi. 2024-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan çäreler ýurduň dürli sebitlerinde-de geçirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir