Ýaponiýaly alymlar kofe içgisi ýadyňy we ünsüňi gowulandyrýar diýen netijä geldiler diýip, «Springer» neşirine salgylanýan «Report.az» ýazýar. Ýagny ýurduň Sukuby uniwersitetiniň ylmy işgärleri bu ugurda geçirilen ylmy barlaglaryň dowamynda syçanlara 30 günläp, kofeniň, pažitnigiň we ýapon turpunyň düzüminde saklanýan trigonellin berdiler. Soňra gemrijileri Morrisiň ötügine goýberdiler, olar egrem-bugram ötüklerden ýoly oňat ýatda saklamak arkaly geçmegi başardylar. Alnan netijeler kofe içmegiň beýnide gan aýlanyşygyna oňyn täsiriniň öz gezeginde akyl ukyplarynyň gowulanmagyna getirýändigini görkezdi, şeýle-de kofe täze neýronlaryň ösüşine hem-de olaryň özara aragatnaşygyna ýardam edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir