Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň käbir sebitlerinde ýagyş, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa gar gatyşykly ýagyş ýagar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen habarda şeýle bellenilýär: Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +15... +20 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +8... +13 gradus maýyl bolar. Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... +4 gradusdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +6... +11 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl bolar. Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +3... +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +6... +11 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl bolar. Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... +1 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +5... +10 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl bolar. Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... -8 gradus sowukdan 0... +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -3... +2 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl bolar. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... +2 gradusdan +5... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +6... +8 gradusdan +19... +21 gradus aralygynda maýyl bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir