Türkiýäniň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kaçyr öz ýurdunyň ilkinji astronawty Alper Gezerawjiniň 2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda kosmosa uçjakdygyny habar berdi. Bu barada türk habar beriş serişdelerine salgylanyp, «Trend» ýazýar. Gezerawji kosmosa ispan, italýan we şwed astronawtlary bilen bilelikde ugrar. Dört adamdan ybarat «Ax-3» topary ABŞ-nyň Floridadaky Kennedi adyndaky kosmos merkezinden «SpaceX Dragon» kosmos gämisi arkaly Halkara kosmos bekedine uçar.