Türkmenistanyň energetika ulgamyna halkara maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriler. Bu barada OGT habar berýär diýip, HHM ýazýar. Forumyň dowamynda nebiti we gazy öndürmek, daşamak we gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. Foruma diňe bir Türkmenistanda bolman, eýsem tutuş sebitde nebit-gaz pudagynyň geljegini kesgitleýän öňdebaryjy milli we halkara energiýa kompaniýalary, şeýle hem bilermenler gatnaşarlar. Bu halkara forumyň maksady Türkmenistanyň energiýa pudagynyň ähli ulgamlaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we energiýa pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi boýunça sebit dialogyny berkitmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybarat bolup durýar diýlip, habarda bellenilýär. Halkara Forumyň maksatnamasy Türkmenistanyň energiýa pudagyna maýa goýumlaryny çekmekden başga-da, energiýanyň geljegi ýaly mowzuklara ýagny, täze döwrüň energiýasy, içerki we sebitleýin ösüşiň geljegi, uglewodorod ýataklaryny özleşdirilmegiň daşky gurşaw taraplary, energetika ugruna geçmekligi gözleg we ösüş arkaly tizleşdirmek ýaly mowzuklara bagyşlanar.