Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Futzal bölümi 2024-nji ýyldaky meýilnamasyna täze ýaryşy girizdi. Bu barada bölümiň başlygy Annanur Gulow «Türkmen sporty» gazetine beren interwýusynda şeýle gürrüň berdi: ― Möwsümiň dowamynda halypa futbolçylarymyzy hem futzal meýdançasyna çykarmakçy bolýarys. Öz döwründe ýokary derejede çykyş eden halypalaryň arasynda guramakçy bolýan bäsleşigimize gyzyklanma örän uly. Häzirki wagtda federasiýa tarapyndan futzal boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň, Kubok ýaryşynyň we Naýbaşy kubok ugrundaky ýaryşyň geçirilýändigini ýatladýarys. Mundan başga-da, federasiýa dürli ýaş toparlarynda ýaryşlary geçirýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir