Halkara Olimpiýa Komiteti (IOC) Ýaponiýa 2026-njy ýylda ilkinji Olimpiýa kibersport oýunlaryny geçirmegi teklip edýär. Bu barada Kyodo çeşmelere salgylanyp habar berdi. Bellenilişi ýaly, bu mesele 2024-nji ýylda has jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylar. Oktýabr aýynda Halkara Olimpiýa Komitetiniň başlygy Tomas Bah ýörite komissiýanyň Olimpiýa kibersport oýunlaryny döretmek meselesini öwrenjekdigini habar beripdi. Onuň sözlerine görä, 500 milliondan gowrak adam kibersport bilen gyzyklanýar we takmynan 3 milliard adam bolsa kompýuter oýunlaryny oýnaýar.