Iki agram derejesinde UFC-iň öňki çempiony Konor Makgregor sosial ulgam sahypasynda özüniň indiki söweşine bagyşlanan täze ýazgyny çap etdi. "Indiki söweşimiň haçandygyny we garşydaşymyň kimdigini Täze - 2024-nji ýylda yglan ederin" - diýip, Makgregor özüniň X sosial ulgamyndaky (öňki Twitter) sahypasynda ýazdy. Makgregoryň 2013-nji ýylda Dana Uaýtyň promouşeninde söweşiji bolandygyny ýatladýarys. Umuman alanyňda, Konor garyşyk söweş sungatynda 28 söweşe gatnaşyp, olaryň 22-sinde ýeňiş gazandy we altysynda ýeňildi. Irlandiýaly pälwan 2021-nji ýylyň tomsunda ýeňlenden bäri oktagona girmedi. Şonda UFC 264 ýaryşynda Makgregor ABŞ-nyň wekili Dastin Porýe bilen duşuşypdy. Konor aýagynyň döwülmegi sebäpli söweşden çykypdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir