UFC promouşeni täze antidoping programmasy barada maglumatlar bilen paýlaşdy. ABŞ-nyň Antidoping agentligi (USADA) bilen hyzmatdaşlyk bes edilenden soň, Dana Uaýtyň ligasy Drug Free Sport International (DFSI) agentligi bilen işleşer. Bu barada championat.com habar berýär. Bellenilişi ýaly, DFSI-niň dünýäde doping barlagy üçin nusgalary ýygnamak boýunça 5000-den gowrak işgäri bar. Nusgalary ýygnamak işi ýylda 365 gün, günde 24 sagat, hepdede 7 gün alnyp barylýar. Türgenleriň nusgalary Bütindünýä antidoping agentligi tarapyndan ygtyýarlandyrylan ABŞ-nyň Ýuta ştatynyň Solt-Leýk-Siti şäherindäki sport lukmançylygy we ylmy gözlegler barlaghanasynda seljeriler. Şeýle-de, gadagan edilen maddalaryň sanawynyň öňki programmadaky ýaly bolup galjakdygy habar berilýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir