Hytaýyň «Lenovo» korporasiýasy birbada «Windows» we «Android» bilen işleýän bazardaky ilkinji noutbugy döretdi. Bu barada lenta.ru habar berýär. Bellenilişi ýaly, «ThinkBook Plus» kompýuteri gibrid korpusa eýe bolar we planşete öwrülip biler. Enjamy döredijileriň pikiriçe, enjam noutbuk režiminde «Windows» bilen, bolsa planşet režiminde bolsa «Android» bilen işlär. Enjamyň aýrylyp bilinjek klawiaturasynyň we 360 dereje aýlanyp bilýän sensorly displeýiniň boljakdygy mälimdir. Enjamyň jikme-jik aýratynlyklary aýan edilmedi, ýöne «ThinkBook Plus» noutbugynyň «Thunderbolt 3» bilen bäsleşjek ýokary tizlikli «Oculink» porty bilen üpjün ediljekdigi habar berildi. Deňeşdirmeksek, «Oculink 2» sekuntda 16 gigabaýta çenli maglumat geçiriş tizligini üpjün edip bilýär, «Thunderbolt 3» bolsa sekuntda bary-ýogy bäş gigabaýt geçirýär. «ThinkBook Plus-yň» bahasy aýan edilmedi. «Lenovo» bu enjamy ýanwar aýynda «CES 2024» sergisinde tanyşdyrar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir