Hytaýyň Xiaomi brendi täze reňklerde Xiaomi 14 we 14 Pro smartfonlarynyň we Watch S3 akylly sagatlarynyň çäkli seriýasyny çykardy. Gajetleriň täze reňklerde çykmagy kompaniýanyň SU 7 ady bilen bazara çykjak ilkinji elektrik awtomobiliniň tanyşdyrylyşyna bagyşlandy. Bu barada Gizmochina neşirine salgylanyp, rbclife.ru habar berýär. Täze kolleksiýadaky enjamlar iki reňkde elýeterli bolar: Aqua Blue we Verdant Green. Dabarada elektrokar şeýle reňklerde hödürlenipdi. Täze smartfonlar we smart-sagatlar Jade Green, Black, White we Snow Mountain Pink reňklerinde ýerine ýetirilen gajetler seriýasynyň üstüni ýetirer. Galan ýagdaýlarda gajetler esasy wersiýalar ýaly aýratynlyklara eýe bolar. Şol bir wagtyň özünde, çäkli çykarylan smartfonlar diňe bir ýat konfigurasiýasyny aldy – 16 GB operatiw we 1 TB hemişelik ýat. Täze gajetleriň bahasy öň hödürlenen beýleki reňklerdäki gajetleriňkiden tapawutlanmaz.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir