«Samsung» korporasiýasy emeli aň ulgamyny doly goldaýan smartfon üçin kamera sensoryny çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada lenta.ru «BusinessKorea» neşirine salgylanyp habar berdi. Kompaniýa hyzmatdaşy «SK hynix» bilen bilelikde smartfonlar üçin ösen kamera döretmek isleýär. Häzirlikçe täze sensorlaryň haýsy aýratynlyklara eýe boljakdygy anyk däl, ýöne onuň «görünmeýän zatlary» surata düşürmäge mümkinçilik berjekdigi bellenilýär. Maglumatlara görä, emeli aňyň kömegi bilen kamera adam gözüne görünmeýän suraty düşürip, obýektden has köp maglumat alyp biler. Şeýle hem täze tehnologiýalar surata düşürmäge sarp edilýän wagty azaldar, şekiliň hilini ýokarlandyrar we energiýa sarp edilişini azaldar. Mysal hökmünde käbir «Huawei» smartfonlarynyň kamerasy bellenildi, olar fluressent suratlary düşmäge mümkinçilik berýär. 2020-nji ýylda çykarylan «OnePlus 8 Pro-da» bolsa geýim ýaly käbir materiallaryň arkasyndan surata düşürip bilýän filtrli kamera ornaşdyryldy. «Samsung» we «SK hynix» kompaniýalarynyň bilelikdäki tehnologiýasynyň olardan hem has ýokary derejede bolmagyna garaşylýar.