Filippinli boksçy Menni Pakýao amerikaly Floýd Meýwezer bilen rewanş söweşini yglan etdi. Söweş 2024-nji ýylda Ýaponiýada geçiriler diýip, MIR 24 habar berýär. “Biz söweşi geçen ýyl gurnamalydyk, munuň başa barmandygy üçin ötünç soraýarys. Sizi 2024-nji ýylda Ýaponiýada Floýda garşy uly söweşde görerin diýip umyt edýärin” – diýip, Pakýao belledi. Filippinli boksçy soňky professional söweşini 2021-nji ýylyň tomsunda geçiripdi. Şonda ol ýarym orta agramda Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) garaýşy boýunça çempion titulynyň häzirki eýesi Ýordenis Ugasdan ýeňildi. Meýwezer professional ringde soňky gezek 2017-nji ýylyň awgust aýynda söweşdi. Şonda ol Konor Makgregordan onunjy raundda tehniki nokaut bilen üstün çykdy. Amerikaly ýeňilmedik bolup galýar. Ol özüniň 50 söweşinde-de ýeňiş gazandy (27-si nokaut bilen). Pakýao bilen Meýwezeriň ilkinji söweşi 2015-nji ýylyň maý aýynda boldy. Şonda filippinli boksçy amerikalydan ýeňildi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir