Porsche Taycan-yň täze wersiýasy Nýurburgring ýolunda Tesla Model S Plaid-den 28 sekunt öňürdip, ady rowaýata öwrülen ýolda iň çalt Porsche-leriň biri boldy. Tejribeli synagçy Lars Kern tarapyndan dolandyrylýan awtoulag 7 minut 7 sekunt wagt görkezdi diýip, Autocar-a salgylanýan IXBT.com habar berýär. Model hatarynyň öňbaşçysy (ähtimal - Turbo GT) Porsche-niň öňki iň çalt awtoulagy Taycan Turbo S-den 26 sekunt çaltlyk görkezip, seriýalaýyn öndürilýän elektrik ulaglarynyň täze aýlaw rekordyny goýmaga synanyşdy. Kern “elimden gelenini etdim" diýdi. “Ýigrimi alty sekunt – bu awtoulag sportunda ýarym bakylykdyr. Demirgazyk halkada Larsyň aýlaw wagty 7:07,55 bolup, haýran galdyryjydyr. Bu Taycan-y elektrik giperkarlary bilen deň hatarda goýýar. Munda iň täsir galdyryjy zat - Larsyň birnäçe aýlawyň dowamynda şol bir wagty görkezmegidir"- diýip, Taycan-yň model hatarynyň ýolbaşçysy Kewin Gik belledi. Porsche-niň insaýderleri hemişekileri ýaly kuwwatlylygyň görkezijilerini yglan etdiler. Myş-myşlara görä, Model S Plaid-den yza galmazy ýaly, onuň kuwwaty 1000 at güýji töweregi boljakmyş.