Tesla kompaniýasy 2023-nji ýylyň jemi boýunça iň uly elektromobil öndürijisi boldy. Bu barada kompaniýanyň hasabatyna salgylanyp, ixbt.com habar berýär. 2-nji ýanwarda Tesla Motors kompaniýasy 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde 494 989 awtomobil öndürendigini we 484 507 awtomobil bilen üpjün edendigini habar berdi. Geçen ýyl kompaniýa, umuman alanyňda, bazara 1 808 581 awtomobil iberdi. Bu hem Tesla ýylyň dowamynda elektromobil üpjünçiligi boýunça iň gowy öndüriji adyny saklamaga mümkinçilik berdi. Onuň iň ýakyn bäsdeşi BYD-yň görkezijisi 1 574 822 birlik boldy. Tesla-nyň iň meşhur modelleri Model 3 we Model Y bolup, çärýegiň dowamynda 461 538 awtomobil bazara iberildi we 476 777 awtomobil öndürildi. 2023-nji ýylda Tesla jemi 1 775 159 birlik Model 3/Y öndürdi we 1 739 707 birlik Model 3/Y bazara iberdi. Tesla resmi metbugat relizinde 24-nji ýanwarda dördünji çärýek we tutuş 2023-nji ýyl üçin maliýe hasabatlaryny neşir etjekdigini hem-de arassa girdejiniň we pul dolanyşygynyň netijelerini yglan etjekdigini aýtdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir