Fransiýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda «Pari Sen-Žermen» «Tuluza» toparyny ýeňdi. Pariždäki «Park de Prens» stadionynda geçirilen duşuşyk paýtagtyň futbol toparynyň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy. Gollary derwezä Lin Kan In (3-nji minutda) we Kilian Mbappe (44-nji minutda) girizdiler. «PSŽ» Fransiýanyň çempionatynyň häzirki ýeňijisi hökmünde oýnady, «Tuluza» bolsa ýurduň Kubogynyň eýesidir. «PSŽ» bu Kuboga 12-nji gezek eýe boldy. Topar bu Kubokda ýeňişleriniň sany boýunça öňdeligi eýeleýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir