Meta Platforms-yň ýolbaşçysy Mark Sukerberg 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde kompaniýanyň, takmynan, 428 mln dollarlyk paýnamasyny satdy. Bu barada Bloomberg-e salgylanyp, Report agentligi habar berýär. Bellenilişi ýaly, bu onuň soňky iki ýylda ilkinji paýnama satuwy bolup, ol kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasynyň soňky ýedi ýylda iň pes derejä düşmegi bilen baglanyşyklydyr. Sukerberg 1-nji noýabrdan başlap ýylyň ahyryna çenli her söwda güni paýnamalary satdy we tas 1,28 mln paýnama satdy. Ortaça her satuw 10,4 mln dollar girdeji getirdi, iň uly satuw bolsa 28-nji dekabrda 17,1 mln dollarlyk boldy. “Mundan öň Sukerberg 2021-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri Meta-nyň paýnamalaryny satmandy. Geçen ýyl kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 2022-nji ýylyň ahyryndaky ýedi ýyllyk iň pes derejeden 194% ýokarlandy” – diýlip, habarda aýdylýar. Mundan başga-da, 2023-nji ýylda Meta-nyň paýnamalary Nvidia Corp.-dan başga ähli iri tehnologiýa ägirtlerinden öňe geçdi we häzir 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndaky iň ýokary derejesine ýakynlaşýar. Umuman, Sukerberg Meta-nyň paýnamalarynyň 13%-ine eýeçilik edýär we Bloomberg-iň milliarderler indeksine görä, takmynan, 125 mlrd dollar baýlygy bar. Şeýlelik bilen, ol dünýäde iň baý ýedinji adamdyr.