Madridiň “Realy” soňky 62 ýylyň dowamynda iň gowy gorag rekordyny gaýtalady, ol La Liganyň şu möwsüminiň ilkinji 19 tapgyrynda 11 pökgi geçirdi. Topar 1961/62 oýun möwsüminde Ispaniýanyň çempionatynda gaty az pökgini sypdyrdy. 42 ýyl ozal şol möwsüm “korol kluby” üçin çempionlyk möwsümine öwrüldi. Soňky 9 ýagdaýyň 7-sinde La Liganyň ilkinji 19 oýnunda 11 ýa-da has az pökgi geçiren toparyň möwsümiň ahyrynda ýaryşda ýeňiji bolandygyny ýatlalyň. 19 tapgyrdan soň, “Real” goşmaça görkezijilerde “Žironadan” (48) öňe geçip, 48 utuk bilen öňde barýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir