«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça ýolagçy gatnawynyň ýola goýulmagy mynasybetli uly arzanlaşyk yglan etdi. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi. «Hormatly ýolagçylar! «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň başyndan Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça ýolagçy gatnawynyň ýola goýulmagy mynasybetli, diňe 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň 5-ne ýerine ýetiriljek gatnawa 50% göterime çenli uly arzanladyş yglan edilýär» diýlip, habarda bellenilýär. Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Abu-Dabi şäherine hepdäniň anna güni uçuşlary amala aşyrýar. Arzanlaşyk yglan edilmezden ozal Abu-Dabi şäherine uçmak üçin bir tarapyň peteginiň bahasy 3942,3 manata deňdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir