Şu gün — 4-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi adamlar, şeýle hem BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili ugratdylar. Bu ýerde diplomat bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda iki dostlukly ýurduň soňky ýyllarda ýola goýlan, dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek däplerinde ösdürilýän netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna özara gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. BAE-niň Türkmenistandaky wekili türkmen halkynyň Milli Liderine saparyň çäklerinde meýilleşdirilen duşuşyklaryň geçirilmeginde üstünlikleri arzuw edip, bu saparyň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi berjekdigine, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary Abu-Dabi şäherine tarap ugur aldy. Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini BAE-niň energetika ministri Suhail Al Mazrui we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň gelmeginiň hormatyna haly ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Howa menzilinde bolan gysga wagtlyk söhbetdeşligiň barşynda dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň biri hökmünde Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine Türkmenistan tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dürli derejede yzygiderli geçirilýän gepleşikleriň köp babatda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini belläp, şu saparyň çäklerinde meýilleşdirilen duşuşyklaryň üstünlikli boljakdygyna ynam bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir