Şu gün — 4-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow eýranly kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Kerman şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylykly hereket baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini aýtdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan edip, Beýik Biribardan ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi. Seýed Ebrahim Raisi türkmen kärdeşine Eýranyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, özleri üçin şu agyr döwürde medet beriji sözleri we goldawy üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol pajygaly waka zerarly goldaw we medet beriji sözleri üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk sözlerini ýetirmegi haýyş etdi. Söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Seýed Ebrahim Raisi iki halkyň arasyndaky taryhy we medeni gatnaşyklaryň gadymdan gözbaş alýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. — Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk, ýeňil senagat, oba hojalygy we gaýtadan işleýän pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şeýle-de söhbetdeşlikde medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şu agyr pursatda duýgudaşlyk bildirendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene bir gezek hoşallyk sözlerini beýan etdi. Iki goňşy ýurduň Prezidentleri birek-birege berk jan saglygyny hem-de jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri, doganlyk türkmen we eýran halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir